Ýigrenç seni dargadar bak
Günäler agyr beter dag - daşdan
Sen bizi ýuwaş görip topulsaň
Biz bakyp durmarys söweşeris
Ýanar biderek oba şäherler
Gider ynam aç oýanar säherler
Asman duman batar gämiler
Biz Hudaý däl adamlar bir gün gömüleris
Bu roketalañ ýerine gül atsañ name bolar
Dünýe sońlanar birgün herkim bilýär näme bolar
Şol birzady aýdyp durarys milýon ýol bilen
Hiç haýsysy üýtgeşik däl hiçkimden
Geler iñ içden açylar işdä ýada ýapylar işdä
Köpeler işler biz unudarys dostlygy
Giç bolup gider ýene ýalňyşarys howlugyp
Herkim gowy göryär gowylygy ýöne edyär ýamany
Günäleyäs zamany aman aman eý döwür şeýlemi eý?
Çykar kömelek uçar kebelek şemal tüweleý
Dünýe owadan söz yok görmegeý
Bar zat üweler, kesip döwerler, ýöne dymma sen gürle
Geçer döwürler gurarys köprüler täze pikirler bilen
Günler ýaly başlarys täzeden bilmeris öňünden
Müneris öńüne hapa sögünme degme göwüne
Wagt gider alaç ýok ýöne hiç bagt gitmesin öyüńden