Gözüm açyp ilki seni gördüm
Alla meni ýalkady başdan ýöne näme edeýin gözüm kördä
"Ot hem has yaşylmyşyn beýleki tarapda" diýdiler
Men diýdim: "Barlap gorjek"
Senden aýra bolmak kyn Aşgabat
Uzakda bolsaňam seni taşlaman
Nira barsam gelmişek hasap
Gitdim diýip gelejek ýasaryn
Ýygyrt düşen elimde hasam
Öz şäherimiň daşynda ýaşap
Gelemde gitmedik ýaly garşyla meni
Saňa guradyp geldim ençe deňizi
Biziň dostlugumuzam ömürden uzyn
Indi aýralyk barýar meni aljyradyp
Ýadymda ýok senden başga açylanym
Meň gidenimden soň kime berdiň açaryňy?!
Ýazan hatlarym bardymy saňa?
Hany gürle birzat dymmasana!
Jogap gelenok senden gynansamam
Garaşýan her güni yza sarap
Gaýra illeň irisinde solaryn
"Gaýdyp gitme" diýip gygyrsaňam günde: "Dolan!"
Aýdyp gitdim geçen sapar eşitmediň onam
Aýdym ýitdi ejem dagy seň ýanyňda olam (olam)
Sen meň ganyma gowy siňen
Meniň tarabyma öwüsiber...
Senden aýra bolmak kyn Aşgabat
Uzakda bolsaňam seni taşlaman
Nira barsam gelmişek hasap
Gitdim diýip gelejek ýasaryn
Ýygyrt düşen elimde hasam